Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler
welaýatlarda
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Olaryň bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde
bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin şu günler ak ekin meýdanlarynda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Häzirki wagtda welaýatlarda
gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde
tamamlamak ugrunda zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy
tutulýar, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär.
Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek
boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Sebitlerde pile öndürmek möwsümini üstünlikli
tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen
baglylykda, welaýatlaryň
çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh
zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy
arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda şu ýyl welaýatlarda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz
wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan
esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu
işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz
howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin
meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy
kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.