18-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine oba hojalygynda we ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp
barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyny gözegçilik edýän orunbasary
we häkimler toplumy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işler, sebitlerde
alnyp barylýan işler, ýygnalan däne hasylynyň kabul ediş nokatlaryndan
elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini üpjün
etmek boýunça görülýän çäreler, orakdan boşan meýdanlarda agrotehniki talaplara
laýyklykda sürüm işleriniň geçirilişi barada hasabat berdiler. Gowaça ideg, şol
sanda dürli zyýankeşlere we kesellere garşy alnyp barylýan işler, häzirki
wagtda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň
ýygnalyşy barada hem aýdyldy.