Şu gün – 23-nji oktýabrda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan
işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta
hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler
bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlenilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişi dowam
edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmagy öz wagtynda tamamlamak,
kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär.
Welaýatlaryň bilim, medeniýet,
dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine
doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Türkmen
alabaýynyň baýramyna taýýarlyk görülýär hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleri ýerine
ýetirilýär.
Şular bilen baglylykda, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda
açylyp ulanmaga beriljek dürli maksatly desgalarda gurluşyk işlerini
talabalaýyk alyp barmak babatda anyk görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň
häkimlerine ilatymyzyň ýylylyk, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen
bökdençsiz üpjün edilişini, şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalaryň we binalaryň açylyş dabaralarynyň, her ýylyň
oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.