8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly
ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek, galla oragynda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň
häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde möhüm wezipeleriň
durýandygyny belledi we häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň
berk gözegçilikde saklanylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda
meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda
degişli görkezmeleri berdi.