25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk
toplumyndaky işleriň ýagdaýy, sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow
hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdiler.
Hasabatlaryň çäklerinde welaýatlaryň maldarçylyk
hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk görmek, zerur möçberde ot-iým taýýarlamak,
mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler
barada habar berildi. Şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginleri barada-da aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýatlaryň häkimlerine
ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we öz wagtynda
geçirilmegini üpjün etmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala
aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.