17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary
Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda ozal
gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi
bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns
çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde
yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti
bellenildi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirip, many-mazmun bilen
baýlaşdyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.