20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi
saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin
bilen gepleşikleri geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus
strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge
ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde
durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak, bar bolan
ägirt uly kuwwaty doly güýjünde işe girizmek bilen bagly meselelere aýratyn üns
berildi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň
gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Şeýlelikde, şu günki gepleşikler taraplaryň özara
bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köpugurly kuwwatyny
durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Gazanylan ylalaşyklar,
bilelikdäki işewürler maslahatynyň we onuň çäklerinde geçirilen işewürlik
duşuşyklarynyň netijeleri muňa ýardam etmäge gönükdirilendir.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň
Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol
çekildi.