30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar
bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy
Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň dostlukly we strategik
häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça
pikir alyşmak bilen baglylykda, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we
beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň
arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
üstüni ýetirýär. Ynsanperwer ulgamda — ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet
ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz
bölegidir.
Iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara
düşünişmegi pugtalandyrmagyň ýene-de bir möhüm guraly hökmünde garalýan
parlamentara hyzmatdaşlyk söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy. Şunda ýokary
derejede gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan
üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.