milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
28.05.2020 611 Habarlar

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar we binalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde guralan tanyşdyryş çäresine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen taslamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň, «Arkadag» myhmanhanasynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýän taslamalar hem-de çyzgylar bar. Şeýle hem bu ýerde Maslahat köşgüniň bölekleýin durkuny täzelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berýän taslamalar görkezildi.