12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy
Sardor Umurzakowy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we
myhman soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä
çykandygyny bellediler. Munuň özi özara düşünişmek we açyklyk esasynda ýola
goýulýan döwletara gatnaşyklara mahsus ýörelgedir. Bu bolsa dostlukly
hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň
sebitleýin, şeýle-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda
bolsa, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna
ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy hem ýakyndygy aýdyldy. Bu
bolsa netijeli gatnaşyklaryň we halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmagyň
möhüm şerti bolup durýar.
Şol bir wagtyň özünde soňky ýyllarda parlamentara
gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklaryň
täze many-mazmun bilen baýlaşmagyny şertlendirýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk
we kanun çykaryjy edaralaryň arasynda tejribe alyşmak türkmen-özbek
gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň berkidilmegine ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy
Sardor Umurzakow dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda berkidilen
döwletara hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.