Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdel Fattah Al-Sisä Müsür Arap
Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biz
Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara
ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine
mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz
gutlag hatynda belledi.