28.05.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady
25.03.2020 158 Habarlar

24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz owgan kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlap, öz halkynyň bähbitleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon söhbetdeşliginiň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda geçiriljek halkara derejedäki maslahata we çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Teklip minnetdarlyk bilen kabul edildi.