Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut
öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara
Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz
hatynda Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp
barýandygyny belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly
Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Sultan Ibrahim ibni
Almarhum Sultan Iskandara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, asylly başlangyçlarynda
üstünlikleri arzuw etdi.