Düýn – 22-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd
Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi.
Türkmen-malaý
gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda
özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek.
Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi. Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň
Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we
ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara
bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.
Umumy pikire
görä, medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet
ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup
durýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaý dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, özara bähbitlere doly laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.