4-nji dekabrda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt
esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günki çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň kanun
çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden,
ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň
geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny
belledi. Şeýle hem milli Liderimiz iki palataly parlamentiň maksatlaryny,
wezipelerini we onuň öňünde durýan işleri kesgitlemek bilen baglanyşykly möhüm
meseleleriň has netijeli çözgüdini taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet
häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen sazlaşykly işlemek
ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň netijeli
işlemeginiň möhüm şertidir diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu wezipelerden ugur alnyp, Mejlise
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň
ýanynda degişli Iş toparyny döretmek tabşyryldy.
Şunuň bilen baglylykda
kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek, Baş Kanunymyzy jemgyýetimiziň ösüşiniň
täze ýagdaýlaryna we mümkinçiliklerine laýyk getirmek boýunça geçirilen işleri
seljermek barada Konstitusion toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň diňlenildi.
Şeýle hem
raýatlardan, döwlet we jemgyýetçilik edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň
hasabynyň ýöredilişine baha berildi.