Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Katar
Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
«Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen
Katar Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen
baýlaşdyryldy, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we netijeli
alnyp barylýar» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de
ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny aýdyp, onuň
iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.