11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi.
Duşuşygyň çäklerinde gyzyklanma bildirilen pikir
alyşmalaryň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa
giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.
Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň
hususy bölegi uly goşant goşýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady
ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan italýan
kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
taraplaryň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanyp boljakdygyny aýtdy hem-de
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary
tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag,
oba hojalyk we dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara
taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hasaba almak bilen, bu mümkinçilikleriň
işjeň herekete girizilmelidigini belledi. Şeýle hem baý taryhy, medeni mirasa
eýe bolan türkmen we italýan halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Medeniýet günleriniň,
sergileriň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi döwletara gatnaşyklaryň
ösdürilmegine ýardam berer.