Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we
ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir
maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş
kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana
gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek
görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.