Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan
Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýne we ýurduň
ähli halkyna Türkmenistan bilen Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň arasynda
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar
birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar»
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.