6-njy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý
Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň
Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we
mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin
ägirt uly kuwwaty bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir
alşyldy. Ýokary derejede gazanylan ähli ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we
diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistan hem-de Hytaý Halk
Respublikasy netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, söwda-ykdysady,
ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki birnäçe ulgamlarda işjeň
hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý
komitetiniň işine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda,
hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny nazara almak bilen, komitetiň nobatdaky
mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi.