milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi
15.05.2023 626 Habarlar

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem köp babatda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda Pekinde geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi. Şol gepleşikler deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan strategik hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.