Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe
welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly
adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly
gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban
bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de
medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky
dileglerini beýan etdi.