Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr
Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika
güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň
arasynda açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp ýola
goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris, syýasy, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň bilelikdäki
tagallalaryň netijesinde halkymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.