18.05.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygyny kabul etdi
13.05.2022 43 Habarlar

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowy kabul etdi.

Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, myhman döwlet Baştutanymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň häzirki zamanyň ýagdaýlaryny, onuň geljekki ösüşini nazara alyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen netijeli ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegine bolan başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wajyp duşuşyklaryň hem-de forumlaryň birnäçe gezek geçirilmegi we olarda ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi munuň aýdyň beýanydyr.