11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza
ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda döwlet
Baştutanymyz we diplomat hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini nazara
alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamda, üstaşyr-ulag düzümlerinde,
energetika, oba hojalygy ýaly pudaklarda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa
geçirmekde, ylym we bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlarynda iki
dostlukly halklaryň abadançylygyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir.
Iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki yzygiderli
gatnaşyklar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.
Özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary uzak
möhletleýin esasda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde
dürli pudaklarda, şol sanda işewürlik düzümleriniň ugry boýunça netijeli
gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we
ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara uly orun
degişlidir. Şunuň bilen birlikde medeni-ynsanperwer ulgamdaky özara
gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.