Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça
jemlerini jemlemek, şeýle hem şu ýyl çözmeli ileri tutulýan wezipelerimizi
kesgitlemek isleýärin.
Dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy
sebäpli ýüze çykan käbir meseleler geosyýasatda we ykdysadyýetde dartgynlylygy
artdyrmagyna garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz
«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda uly
üstünlikleri gazandyk.
Geçen ýyl biz bellän ähli meýilnamalarymyzy diýen
ýaly amala aşyrmagy başardyk. Üýtgewsiz ýörelgelerimizi, Garaşsyzlygymyzy
hem-de Bitaraplygymyzy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän
kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işleri dowam etdik.
Konstitusiýamyzy üýtgetmek bilen bagly ýokary
derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti
döretmek işine başladyk.
Biz milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini
saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 6,3 göterime, şol sanda
senagat pudagynda 4,1, söwdada 14,2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1
göterime barabar boldy.
Önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen
deňeşdireniňde 4,6 göterim ösdi hem-de 9 milliard manatdan hem artdy.
Biz 11 müň täze iş ornuny döretdik. Puluň
hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy. Ata Watanymyzyň
kuwwatyny we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler
ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär.
Bulardan başga-da, ähli pudaklarda diýen ýaly önüm
öndürmegiň möçberleri artdy. Täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe
girizilip, eziz Diýarymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek
boýunça uly işler edildi.
Biz göz öňünde tutulan maksatnamalarymyzyň
çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa
goýumlaryny goýduk. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we
medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik.
Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem oba
hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. Olar 1 million 700 müň tonna
golaý guşgursak bugdaý, 1 million tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň
azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.
Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň
barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi tanalmaz ýaly
özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan
täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.
Geçen ýyl biz meýdany 1,5 million inedördül metr
bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny
ulanmaga berdik. Netijede, müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar.
Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde
hem täze tapgyr başlandy. Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil
tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş,
medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar.
Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy
barha giňden ykrar edilýär, ähli ugurlary giňelýär.
Biz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap
üýtgedip gurmagy dowam edýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy eýeçiligiň ornuny
düýpli ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmegiň
ýolundaky päsgelçilikleri hem-de çäklendirmeleri aýryp, ykdysadyýetde döwletiň
ornuny azaltmaga tarap ugur alyndy.
Biz şu ýyl üçin sazlaşykly, gowy býujeti kabul
etdik, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de
ýokarlandyrdyk.
Garaşsyzlygymyzyň, howpsuzlygymyzyň we asuda
durmuşymyzyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha
pugtalanýar.
Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary
syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara bileleşigindäki at-abraýy hem
yzygiderli ýokarlanýar.
Ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda
hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegini, Birleşen
Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite
maksatnamasyna (SPEKA) işjeň gatnaşmagyny, şeýle hem Birleşen Milletler
Guramasynyň 11 sany ýöriteleşdirilen guramasyna agza saýlanmagyny biziň
diplomatiýamyzyň üstünligi hasaplap bolar.
Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde
parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk
ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşandyny goşdy we
goşmagyny dowam edýär. Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge,
Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Umuman, geçen ýyly häsiýetlendirmek bilen, men
onuň abadançylykly ýyl bolup, köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere
beslenip, taryhda we halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýdyp
bilerin. Sebäbi, 2019-njy ýylda «Türkmenistan–rowaçlygyň Watany» diýen şygar
bilen ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklaryny peýdalanmak, ykdysady we
milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa
geçirmek boýunça ägirt uly işler bitirildi.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Men bu barada öň hem birnäçe gezek aýdypdym,
ýene-de gaýtalamak isleýärin, biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten
sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy,
durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy
netijesinde mümkin boldy.
Şoňa görä-de, men Garaşsyz döwletimiziň gazanan
uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň
we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden
minnetdarlyk bildirýärin!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris.
Şu ýyl üçin şygarymyzy «Türkmenistan– Bitaraplygyň mekany» diýip kesgitledik.
Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu sözler watançylyk ruhumyzy
ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen
taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge,
mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam
bermelidir.
Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem
ýükleýär. Şu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet
çekmeli. Şoňa görä-de, şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipeleri: ilatymyzyň
ýaşaýyş-durmuşynyň hilini gowulandyrmakdan, girdejilerini artdyrmakdan, täze iş
orunlaryny döretmekden we maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa!
Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň ösüşini, ykdysadyýetimize sanly ulgamy
ornaşdyrmagy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerini çözmekde
ýerli häkimiýetleriň ornuny ýokarlandyrmagy kanunçylyk taýdan üpjün etmekden
başga-da, siz Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we
goşmaçalary girizmek bilen bagly taýýarlyk çärelerini hem ýokary derejede
geçirmeli.
Biz Mejlisiň öňünde durýan wezipelere biraz
soňrak, deputatlar bilen duşuşygymyzda has jikme-jik serederis.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow! Ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň wezipelerine
biz ýakynda, diplomatlar bilen duşuşanymyzda seretdik. Häzirki döwürde ähli
diplomatik korpusymyz döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli gorap, dünýäniň
ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek boýunça
tutanýerli işlemelidir.
Şu ýyl amala aşyryljak saparlaryň, halkara
duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamasyny hem işläp taýýarlamaly.
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly baýramy bilen bagly çärelere gowy
taýýarlyk görmeli hem-de olary ýokary derejede geçirmeli.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Meredow we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary! Nebitgaz pudagyny ösdürmek
we döwrebap ýagdaýa getirmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän
innowasion önümçilikleri emele getirmek we onuň eksport mümkinçiliklerini
diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köp
görnüşli turba geçiriji ulgamyny döretmek ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň
esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmeli. Uglewodorod çig malyny gözlemek,
çykarmak, gaýtadan işlemek we täze ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalary amala
aşyrmaly. Türkmen energiýa serişdelerini täze turbageçirijiler arkaly eksporta
ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün
etmek işini alyp barmaly.
«Türkmenistan – Owganystan –Pakistan–Hindistan»
gaz geçirijisiniň strategik taýdan möhüm taslamasynyň gurluşygyny hem işjeň
alyp barmaly. Gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan
gazyň öndürilýän möçberlerini we eksportyny artdyrmak boýunça işleri hem dowam
etmeli.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
E.Orazgeldiýew, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimleri, oba hojalyk
toplumynyň ýolbaşçylary! Bilşiňiz ýaly, iki sany möhüm möwsüm, ýagny däne
we pagta ýygymy möwsümleri ýetip gelýär.
Şu ýyl biz ekologiýa, seleksiýa işinde innowasion
tehnologiýalary giňden peýdalanmaga, ösümlikleri we mallary goramagyň
çärelerini kabul etmäge hem-de ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak
işlerine köp möçberde maýa goýumlaryny goýýarys.
Oba hojalygynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, zyýan
çekýän daýhan birleşiklerini kärendä, mülkdarçylyga, ýerleri daýhanlara uzak
möhletleýin kärendä bermek işlerini dowam etmeli.
Şäherlerimizi we obalarymyzy, oba hojalyk pudagyny
suw bilen doly üpjün etmek üçin, suw desgalaryny, akabalary, suw göterijileri
abatlamagyň hem-de gurmagyň zerurdygyna men oba hojalyk toplumynyň ähli
ýolbaşçylarynyň aýratyn ünsüni çekmek isleýärin. Suw tygşytlaýjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini hem giňden alyp barmaly.
Nesip bolsa, biz şu ýyl ýurdumyzda ýene-de bir
baýramy belläris. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl
10 ýyl dolýar. Bu baýramçylyga hem gowy taýýarlyk görmeli.
Assosiasiýanyň halkara agzalarynyň gatnaşmagynda onuň mejlisini geçirmeli
we mynasyp atçylary sylaglar bilen sylaglamaly. Muzeýlerimiziň we
kitaphanalarymyzyň täze tapyndylar bilen üstüni ýetirmeli. Baýramçylyk
çärelerini Lebap welaýatyndaky aýlawda geçirmeli.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary
B.Öwezow we Ş.Durdylyýew! Siz gözegçilik edýän toplumlaryňyzyň pudaklarynyň
gurluşyny kämilleşdirmek boýunça ähli guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda
tamamlamaly. Sowatly we başarjaň işgärleri saýlap alyp, çaltrak işe başlamaly.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
P.Agamyradow, bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynyň ýolbaşçylary! Biz,
ilki bilen, ýaşlarymyzy taýýarlamalydyrys we okatmalydyrys. Olar ýurdumyzy
ösüşiň sanly esasda täze belentliklerine çykarmaga gönüden-göni gatnaşmalydyr.
Şu maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmegi
ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginde ösdürmelidir, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny
we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmalydyr.
Şoňa görä-de, bilim, ylym we tehnologiýalar
ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmaly. Bu meselede ylmy we ýokary
bilimi birleşdirmek işini güýçlendirmeli. Hünärmenleri taýýarlamagyň täze
ulgamyny ösdürmeli.
Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy barlag
guramalarynyň işewürlik bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi üçin, bu
ugurlaryň başarjaň işgärlerini telekeçilige giňden çekmeli.
Şeýle hem, ylmy ösdürmegiň täze ugurlary, şol
sanda robot tehnikasy, sanly tehnologiýalar we beýleki ugurlar üçin amatly
şertleri döretmeli. Mekdepleriň 10–11-nji synplarynyň okuwçylarynyň okuwyň
ugurlaryny saýlap almak mümkinçiligine seretmeli.
Halkara standartlaryna uýgunlaşdyrmak maksady
bilen, ýokary okuw mekdeplerimizi höweslendirmek çärelerini geçirmeli.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli
ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak wezipesini goýmaly.
Lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy,
medeniýetiň, saglygyň we sportuň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin,
durmuş taýdan hem, ykdysady babatda hem, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek
döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmalydyr we bolmagynda galýar.
Ilatyň saglygyny goramagyň milli ulgamyny
döretmegi hem dowam etmeli. Bu ulgam rejeli iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden
gaça durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy we mekdebe çenli bilimden
başlap, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýar.
Şu ýyl biz ýurdumyzda ylmy ösdürmäge aýratyn üns
bermelidiris. Akademiki institutlaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny
berkitmelidiris. Ylmy barlaghanalary häzirki döwrüň enjamlary, ýörite abzallar
bilen üpjün etmelidiris. Munuň özi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga
ýardam berer.
Ýaşlarymyzy özüne köpçülikleýin çekmegi göz öňünde
tutýan milli sportumyzy we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmeli. Şu maksat
bilen, iň täze, has kämil usullary we tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň
soňky gazananlaryny ulanmaly.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Abdyýewa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary! Şu ýyl
ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň öňünde döredijilik
hem-de hünär taýdan ösmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
«Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» atly şygarymyz bize ykdysadyýetiň hem, syýasatyň
hem, taryhyň hem köp ugurlary boýunça giň şertleri döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, teleýaýlymlaryň
programmalaryny, teatr repertuarlaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň
ekspozisiýalarynyň üstüni doldurmak hem-de dürli çeper sergileri guramak boýunça
uly işleri geçirmeli.
Bitaraplygymyzyň we Garaşsyzlygymyzyň şanly
baýramçylyklaryna bagyşlap siz teleýaýlymlar üçin gyzykly we täsirli
gepleşikleri taýýarlamaly. Teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze
sahna eserlerini goýmaly, joşgunly aýdym-sazlary goýbermeli.
Teleradioýaýlymlarda berilýän habarlaryň köp we
ýokary hilli bolmagyna uly üns bermeli. Bu eserler jemgyýetimizde bolup geçýän
oňyn özgermeleri beýan etmelidir. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini we ýeten
belent sepgitlerini, ýylyň şygaryna laýyklykda, giňden wagyz etmelidir.
Biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli
döwletleriniň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri hem dowam
etmeli. Döwletimiziň Bitaraplygyny giňden dünýä ýaýmaly. Zehinli sungat
işgärlerini ýüze çykaryp, dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmaly. Dürli ýurtlardan
bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny
ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmeli.
Häzirki wagtda siziň ministrligiňizde we
edaralaryňyzda ýetmezçilik edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn
üns bermeli.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin maksatnamany ýerine
ýetirmek örän köp zähmeti talap edýär. Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin
bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa
görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli.
Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys.
Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini
netijeli ulanmalydyrys.
Şeýle hem, şanly seneleri, ýagny Bitaraplygymyzyň
25 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmelidiris hem-de döwletliligimizi
berkitmek üçin möhüm bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileýini geçirmäge gowy
taýýarlyk görmelidiris. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75
ýyllygyny hem belläp geçeris.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Şu günki mejlisimiziň jemlerini jemlemek bilen,
biz ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan,
parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe
barýandygyny doly suratda aýdyp bileris.
2020-nji ýylyň 7-nji fewraly