Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, sizi Täze ýyl bilen mähirli hem-de
tüýs ýürekden gutlamaga, size berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan
jogapkärli işiňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy arzuw etmäge rugsat ediň!
Şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde,
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25
ýyllygyny giňden bellär. Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň
Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr, onuň daşary syýasatyndaky
tapgyrlaýyn sepgitdir.
Şol bir wagtyň özünde bu sene çärýek asyryň
dowamynda geçilen ýola ser salmak, onuň netijelerini jemlemek hem-de
Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmündäki häzirki ösüşine baha bermek üçin
ähmiýetli delil bolup durýar.
Häzirki döwürde biz siz bilen — dostlarymyz we
hyzmatdaşlarymyz bolan iri abraýly halkara guramalaryna wekilçilik edýän
düzümler bilen bilelikde oňyn işleri amala aşyrýarys. Siziň pikirleriňiz we
teklipleriňiz biz üçin örän gyzyklydyr we gymmatlydyr.
Munuň özi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda
geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara
parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly
ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde aýratyn
möhümdir. Bu maslahatyň guramaçylyk meseleleri we onuň mazmuny babatda siziň
anyk teklipleriňiz bar bolsa, men minnetdar bolaryn. Hususan-da, bize bilelikde
bu forumyň mowzuklaýyn ugurlaryny hem-de maksatnamasyny we maslahaty alyp
barmagyň tertibini kesgitlemek, onuň jemleýji resminamasyny işläp taýýarlamak
wajyp bolup durýar.
Bu günki duşuşyga gatnaşýan halkara guramalarynyň
wekilleriniň bu halkara maslahatyny guramaga we ony geçirmäge işjeň
gatnaşjakdyklaryna ynanýaryn.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamynyň düýpli
özgerýän çylşyrymly şertlerinde garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan üçin daşary
syýasy ugruny seçip almak esasy meseleleriň birine öwrüldi. Bu ugur nähili
bolar, biz dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary nähili ýola goýarys, halkara
hyzmatdaşlygyny haýsy ýörelgeler esasynda ösdüreris?! Türkmen döwletliliginiň,
garaşsyzlygymyzyň we özygtyýarlylygymyzyň ykbaly hut şu sowallaryň jogabyna
hem-de biziň ony dürs saýlamagymyza bagly bolup durýardy.
Men muny bolşy ýaly aýdýaryn. Çünki daşary syýasat
ugruny seçip almakda ýalňyşlyga ýol berilmeginiň döwletiň özygtyýarlylygyny
ýitirmegine, onuň milli ösüşiň anyk maksatlaryndan has uzakdaky bähbitleriň
gurşawyna çekilmegine sezewar bolýandygynyň taryhy mysallary az däldir.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we
onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk
hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby
guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly düýpli düzgünnamasyny işläp
düzdi.
Biz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, ýöne
şol bir wagtyň özünde işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty alyp barýarys.
Türkmenistanyň bitaraplygyny halkara-hukuk derejesi hökmünde ykrar etmek
boýunça biziň tagallalarymyza dünýäde hoşniýetli we düşünmek bilen garalmagy
tötänleýin däldir. Biziň ýurdumyz, ilki bilen, sebit boýunça öz goňşularynyň,
soňra-da Goşulyşmazlyk Hereketinde giň goldawa eýe boldy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy»
Kararnamasyny biragyzdan kabul etdi. Munuň özi paýhasly we öňdengörüjilikli
çözgütdir. Onuň Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna,
dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň
şertlerindäki ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýändigini wagtyň özi görkezdi.
Şondan soň bolan wakalar bu ýörelgäniň oňyndygyny aýdyňlyk bilen tassyklady.
Bitarap Türkmenistan sebitde halkara parahatçylyk
dörediji tagallalaryň möhüm bölegine öwrüldi. Geliň, Aşgabatda BMG-niň
howandarlygynda Täjigistanda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagynda
möhüm orun eýelän birnäçe gepleşikleriň geçirilendigini ýatlalyň. Biziň Bitarap
döwletimiziň paýtagty geçen ýüzýyllygyň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda owganiçi
gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilýän ýerine
öwrüldi.
Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak
we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna
öwrüldi. Munuň özi sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde, 2007-nji ýylda
Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşiginiň çözgüdinde tassyklanyldy. Biz
bu çözgüdi ägirt uly jogapkärçilik we şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler
Guramasy tarapyndan Türkmenistana bildirilýän ynamyň subutnamasy hökmünde kabul
etdik.
Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň
möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi
Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn
durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk
gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG bu ýerde bitaraplyga mahsus bolan özara
düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny, deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk
babatda amatly şertleri döretmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleri ulanýan
Türkmenistanyň goldawyna hemişe bil baglap biler.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi
bitaraplygyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk
edýär. Biragyzdan kabul edilen Kararnamada, hususan-da, bitaraplyk syýasatynyň
sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy
pugtalandyrmakda, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara
bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp orun eýeleýändigi nygtalýar.
Türkmenistan bitarap döwlet hökmünde ýüze çykýan
meseleleri we jedelleri çözmekde gatnaşyklaryň medeniýetiniň berkarar bolmagyny
wajyp hasaplaýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş
Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip
yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi.
Kararnamada Türkmenistanyň yzygiderli we netijeli
alyp barýan öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyp ähmiýete eýedigi barada aýdylmagy
bellärliklidir. Kararnamanyň kabul edilmegi bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň
gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylygy, dünýäniň dürli künjeklerinde
durnuklylygy pugtalandyrmak we saklamak işinde köptaraply diplomatiýanyň
netijeli hem-de anyk gurallarynyň biri bolup hyzmat etjekdigine bil baglamak
üçin ähli esaslar bar.
Bu Kararnamanyň örän wajypdygyna hem-de öz
wagtynda kabul edilendigine, ozaly bilen bolsa, halkara syýasatynda ýeňil
bolmadyk meýilleriň çäklerinde has-da zerurdygyna ynanýarys. Dünýä
bileleşiginiň tagallalaryna garamazdan, Ýer togalagynyň birnäçe sebitlerinde
ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyny, gapma-garşylyklaryň artýandygyny
we ählumumy ösüşiň ýoluna hem-de onuň geljekki ugurlaryna bolan garaýyşlarda
ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň umumy derejesiniň pese düşýändigini nazara
alanyňda, munuň özi has-da ähmiýetlidir.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz
parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar üçin iş ýüzünde
möhüm ähmiýeti bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny degişli derejede
geçirmek boýunça birnäçe teklipleri işläp taýýarlaýar hem-de şolary BMG-niň garamagyna
hödürlär.
Bu başlangyçlar taýýarlananda hem-de şolaryň
geljekde durmuşa geçirilmeginde BMG-niň degişli düzümleri we beýleki abraýly
guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna bil baglaýarys.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky
mejlisinde Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk
ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň toplumyny taýýarlamak başlangyjyny
öňe sürdi. Bu başlangyjy örän bähbitli hasaplaýarys we biz onuň durmuşa
geçirilmeginde siziň goldawyňyza bil baglaýarys. Şeýle resminamanyň mümkin
bolan gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň ösüşine ýol bermezlik we güýç
ulanmaga çenli bolan ösüşini togtatmak, gapma-garşylykly ýagdaýlary
parahatçylykly gepleşikleri geçirmek ýagdaýyna getirmek üçin netijeli gural
hökmünde halkara bileleşigi tarapyndan ulanylyp bilinjekdigine ynanýarys.
Şeýle hem biz ýakynda parahatçylygyň we
howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň toparyny döretmegi teklip
etdik. Bu başlangyjyň öňe ilerledilmegine gyzyklanma bildirýän ähli taraplar
bilen ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Şunuň bilen birlikde,
Türkmenistanyň häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça
halkara tagallalaryna işjeň gatnaşandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny
aýratyn bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň terrorçylyga, neşeleriň bikanun
dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek işinde eýeleýän wajyp ornuny
nygtamak isleýärin.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara
guramalary bilen bilelikde birnäçe milli we sebit maksatnamalary hem-de
taslamalary durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geçen ýylyň 6-njy dekabrynda
Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça
2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy, Adam söwdasyna
garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli
meýilnamasy kabul edildi. Biziň degişli halkara guramalaryndan bolan
hyzmatdaşlarymyzyň bularyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyna umyt
edýäris.
Häzirki döwürde Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara
goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýar. Men Türkmenistanyň
bitarap döwlet hökmünde goňşy ýurdumyz bolan Owganystanda parahatçylykly gatnaşyklary
ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny
tassyklaýaryn. Gepleşikleriň geçiriljekdigine pugta ynanýaryn. Bu babatda güýç
ulanmagyň netijesizdigini we bu usulyň geljeginiň ýokdugyny geçen döwrüň
tejribesi subut etdi.
Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystana
anyk ykdysady we ynsanperwer goldawyny berip gelýär. Şeýle kömek goňşy ýurduň
çäginde lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde
elektrik energiýasynyň iberilmeginde, owgan ýaşlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdeplerinde okadylmagynda, Owganystana ynsanperwer ýükleriniň yzygiderli
ugradylmagynda we beýleki görnüşlerdäki kömek-goldawlarda öz beýanyny tapýar.
Bu işleriň hemmesi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Şeýle kömekleriň Türkmenistanda işlenip
taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda mundan beýläk-de yzygiderli esasda
ýerine ýetiriljekdigine we goldaw beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de
halkara bileleşigini ynandyrýaryn.
Owgan hünärmenleriniň gatnaşmagynda iri düzümleýin
taslamalaryň, ilkinji nobatda, energetika, ulag hem-de aragatnaşyk ýaly durmuş
taýdan wajyp pudaklardaky işleriň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň syýasy
durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan galkynmagynyň hem-de sebit we dünýä hojalyk
gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Biz olary
amala aşyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis we Owganystana
hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy
giňeltmäge taýýardyrys.
Bu gün biz türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna
möhüm ähmiýet berýäris. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly
ösüşi, onuň özara peýdaly daşary ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin
zerur şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Şunda Türkmenistanyň Bitaraplygy şeýle
hyzmatdaşlygy haýsydyr bir babatda syýasylaşdyrmakdan saklaýar, biziň daşary
ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýär. Bu ýerde
özara bähbit, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň däplerine
we kanunlaryna hormat goýmak kesgitleýji şert bolup durýar.
Şeýle ýörelgelere biziň hyzmatdaşlarymyz oňat
düşünýärler we oňa ýokary baha berýärler. Bu bolsa dürli ýurtlar we
kompaniýalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge
mümkinçilik berýär. Bitarap döwlet hökmünde biz halkara derejämizden gelip
çykýan anyk we aýdyň ýörelgelere esaslanyp, özümiziň uzak möhletleýin daşary
ykdysady strategiýamyzy döredip bilýäris.
Oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we
halkara-hukuk kadalaryna yzygiderli ygrarlylygymyz Türkmenistanyň gatnaşmagynda
amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady
diňe bir täjirçilik we ykdysady bähbit bilen däl, eýsem, döwletleriň
ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we
aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen şertlendirilendir.
Bu bolsa, öz nobatynda, ýurtlaryň arasyndaky
ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, halkara ykdysady hyzmatdaşlykda açyklyk
we ynanyşmak ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam eder. Hut şu
esasy ýörelgeler halkara guramalarynyň ykdysady, maliýe we maýa goýum ugurly
işleriniň esasyny düzýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Bütindünýä banky, Aziýanyň
ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara
maliýe düzümleri bilen öz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge taýýardygy barada
aýtmagy ýerlikli hasaplaýaryn. Şeýle hem geçen ýylda biz Bütindünýä söwda
guramasyna girmegiň düzgünlerini we ugurlaryny öwrenmek boýunça alyp barýan
işlerimizi güýçlendirdik.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Şeýle hem şu gün men Durnukly ösüş babatda Gün
tertibiniň ýerine ýetirilişi barada pikir alyşmak, Türkmenistanyň bu ugurda
toplan tejribesini paýlaşmak isleýärin.
Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň bu Gün tertibi
doly goldandygyny, Durnukly ösüş maksatlaryna goşulmak boýunça milli derejede
yzygiderli we anyk işleri amala aşyrmaga dessine girişendigini nygtamak
zerurdyr. Baryp, 2015-nji ýylyň oktýabrynda BMG-niň agentlikleri bilen
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
wekilleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Şolaryň dowamynda Durnukly ösüş
maksatlaryna uýgunlaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň düzümi ylalaşyldy we
tassyklanyldy.
Şeýle geňeşmeleriň netijeleri boýunça Durnukly
ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 150-ä golaýy we görkezijileriň 200-e golaýy
seçilip alyndy hem-de şolar Hökümet derejesinde tassyklanyldy. Şeýlelikde,
BMG-niň baha bermegine görä, Türkmenistan Gündogar Ýewropa we GDA sebitinde
soňky 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny
kesgitlän ilkinji ýurt boldy.
Häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp
görkezijileri Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna sazlaşykly goşuldy. Bu maksatnamany Durnukly ösüş
maksatlaryna utgaşdyrmagyň ykdysady bölegi ilatyň elýeterli, ygtybarly we öz
wagtynda energiýa üpjünçiligine, durnukly ykdysady ösüşe bolan ählumumy
hukugyny, iş bilen üpjünçiligini ýola goýmak, çeýe düzümi döretmek, durnukly senagatlaşdyrylmagyna
goldaw bermek we täze ýörelgeleri höweslendirmek ugurlaryna gönükdirilendir.
Şunda ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn sanly ulgama geçirilmegi ähmiýetli
hasaplanylýar.
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala
aşyrylmagynyň durmuş ugruna gönükdirilendigi äşgär görünýär. Gürrüň azyk
howpsuzlygyny üpjün etmek we ilatyň iýmitlenişini gowulandyrmak, ählumumy
sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, doly gender deňligini üpjün etmek,
hemmetaraplaýyn, düýpli we ýokary hilli bilim üçin zerur şertleri döretmek
barada barýar.
Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we
durmuş ulgamynda milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine girişmek bilen,
şolary Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugry bolan ekologiýa ugry bilen örän
jogapkärli we gyşarnyksyz utgaşdyrýar.
Munuň üçin ýurdumyz ykdysadyýetiň senagat, oba
hojalygy, ulag we beýleki pudaklarynda ekologiýa taýdan arassa hem-de serişde
tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär. Biz bu mesele babatynda öz
garaýyşlarymyzy hemişe anyk beýan edýäris: ekologiýa, daşky gurşawy goramak
meseleleri nähili özüne çekiji bolup görünse-de, täjirçilik bähbitlerine hyzmat
edip bilmez. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ilatyň
durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmeginiň sebitde ekologiýa
wezipeleriniň çözülmegi bilen gönüden-göni baglydygyny aýratyn nygtamak
isleýärin.
Aral deňzini halas etmek olaryň hatarynda baş
wezipeleriň biri bolup durýar. Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG)
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgust aýynda
Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşygynda bu ugurda biziň tagallalarymyz
içgin ara alnyp maslahatlaşyldy, aýry-aýry ylalaşyklar gazanyldy. Şeýlelikde,
AHHG-nyň işini kämilleşdirmegiň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýolunda
möhüm ädim ädildi.
Bu ugurda işjeň hereket etmegi, halkara
bileleşiginiň, ozaly bilen bolsa, BMG-niň onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň
mümkinçiliklerini giňden herekete getirmegi zerur hasaplaýaryn. Biz Aral
deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de
Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugry hökmünde
kesgitlemek baradaky başlangyjy öňe sürdük. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda
«Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň
arasynda hyzmatdaşlyk» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň kabul
edilmegi munuň üçin oňat binýat bolup durýar.
Suw serişdelerine deňhukukly we adalatly
elýeterliligi üpjün etmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de halkara
düzümleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegi zerurdyr. Şunda Türkmenistanyň
garaýşy hemmelere mälimdir: biz suw serişdelerinden peýdalanmak meselelerine
garamak we bu meseläni çözmek halkara hukuk kadalary, özara hormat goýmak
esasynda we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen halkara
guramalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmalydyr diýip hasap edýäris.
Umuman, Durnukly ösüş maksatlary boýunça netijeli
gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşýarys. Halkara, sebit we milli
derejelerde tagallalaryň yzygiderli birleşdirilmeginiň zerurdygyna ynanýarys.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy
goraýyş guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça
maksatnamasy we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki ýöriteleşdirilen
edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygymyzyň giňeldiljekdigine berk
ynanýaryn.
BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine
ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar. ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk
işiň netijesinde uly netijeleri gazanandygymyzy aýratyn nygtamak isleýärin.
Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen
halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen milli «Küştdepdi» aýdym we saz
sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýakyn wagtlarda
ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk
mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary güýçlendirmegi maksat
edinýäris.
Ynsanperwerlik meseleleri barada aýratyn durup
geçmek isleýärin. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda demokratik edaralaryň işlerini
mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklary babatynda öz üstüne alan
borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistan ençeme
ýyllaryň dowamynda degişli halkara guramalary bilen ysnyşykly we köpugurly
hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Şunda adam şahsyýetiniň mümkinçiliklerini
hemmetaraplaýyn açmak üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen
«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki işiň
baş maksady bolup durýar. Biz BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary
komissarynyň müdiriýeti, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň
müdiriýeti, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy, Gyzyl
Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasy ýaly düzümler hem-de
ynsanperwer ugurly beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
işjeňleşdirmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine eýe
bolmagynyň şanly 25 ýyllygynyň belleniljek ýylyna parahatçylyk we döredijilik,
hoşniýetli goňşuçylyk, dünýä bileleşigi boýunça öz dostlary hem-de
hyzmatdaşlary bilen özara hormat goýmak we düşünişmek ýagdaýynda gadam basýar.
Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi
ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara
hyzmatdaşlygyna gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen
garamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir, onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Öz üstümize alan halkara borçnamalarymyza berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin halkara guramalary bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy belent jogapkärçilik bilen beýan edýäris.