Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde
ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe sport
barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda
geçirilen, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň birinji ýarymyndaky
ösüşiniň jemlerine bagyşlanan giňişleýin
mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de
ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak degişli köpugurly
düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp
barylýar.
Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala
aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki
zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar,
ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi.
Şu ýylyň başyndan bäri XXXII Tomusky Olimpiýa
Oýunlaryna milli ýygyndy toparymyzy taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp
barylýar. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde sportuň ýedi görnüşi: agyr
atletika, boks, dzýudo, grek-rim hem-de erkin göreş, karate, suwda ýüzmek, ýeňil
atletika boýunça türgenleriň okuw tälimleri geçirildi.
Şagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge we wagyz
etmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gönükdirilen çäreleri guramak
bilen, Türkmenistan sport döwleti diýen derejesini berkidip, dünýäniň beýleki
döwletleri üçin aýdyň nusga bolup durýar.