26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat, «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk meýillerini özünde jemleýän bu desganyň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň okgunly hem-de sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtda munuň özi durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hem-de türkmenistanlylaryň amatly ýaşamagy, zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin iň gowy şertleri döretmegiň ajaýyp nusgasydyr.