26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň
Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin
Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de diplomat ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde,
hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän
hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar
türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagyň ygtybarly
binýadyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän
gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigi
bellenildi. Şunda söwda-ykdysady ulgam möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu
ulgamda mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde bilelikdäki hökümetara topara uly
orun degişlidir.