05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdi
30.06.2020 51 Habarlar

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdi. Döwlet Baştutanymyz Gökdepe metjidine gelip, ilki bu ýerde şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşýan ýaşulular bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly ýaşulular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni, 63 ýaşynyň dolmagy — pygamber ýaşyna ýetmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asylly işleriň rowaç almagynyň bähbidine durmuşa geçirýän özgertmelerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

Asylly däbe görä, ymam tebärek çykdy. Soňra hormatly Prezidentimiziň 63 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralýan «Akgoýun toý» sadakasyna gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Tagam dadylandan soň, aýat-töwür okaldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, edilen doga-dilegleriň, şu gün berlen sadakanyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Sadaka berlenden soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.