Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze
bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul
etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet
Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan
Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi
hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter
Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman
Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna
iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi
bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet
berýär. Bu babatda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň
biri bolup durýar. Ýurdumyz Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak,
ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda
yzygiderli giňeldýär.
Türkmenistan hem-de Germaniýa halkara guramalaryň,
ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk
edýärler, BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýarlar.
Ýurdumyz GFR bilen halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi
pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek,
tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
meselelerinde-de hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa —
Germaniýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistan bu formata sebit ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag
arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm
gural hökmünde garaýar.
Iki ýurt söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine
aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygy
ilerletmegiň wajyp guraly hökmünde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň
alyp barýan işiniň orny nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda köpýyllyk
türkmen-german hyzmatdaşlygy netijeli gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly bolup
durýar. Onuň çäklerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, olaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmak, iň gowy Ýewropa lukmançylyk tejribesini öwrenmek
üçin germaniýaly bilermenler bilen yzygiderli gatnaşyk alnyp barylýar.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem uly
ähmiýet berilýär. Ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly
bolup, dostlukly halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga hyzmat edýär. Şunda bilim
ulgamyndaky gatnaşyklara, hususan-da, ýokary hünär derejeli işgärleri
taýýarlamak, döwrebap bilimleridir tejribäni alyşmak boýunça hyzmatdaşlyga
aýratyn orun degişlidir.
Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de
bir gezek hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn
ösdürmek hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän german-türkmen
hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Men hanym Petra Dahtleri Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary
öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam
döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň
adymdan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli
beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize üstünlik,
Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky
ynandyrmalarymy kabul ediň!
Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.