26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her
ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Resmi däl ýagdaýda geçirilýän duşuşyk GDA
döwletleriniň ýolbaşçylaryna halkara derejedäki umumy gyzyklanma bildirilýän
birnäçe meseleleri, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga
mümkinçilik döretdi. Umumy pikire görä, häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň
binýadyny düzýän maksatlara hem-de esasy ýörelgelere gyşarnyksyz eýermek
guramanyň işiniň ähmiýetli taraplarynyň biri bolup durýar. GDA-nyň
esaslandyrylan gününden bäri oňa gatnaşyjy ýurtlar hyzmatdaşlygyň taraplaryň
erkine, deňhukuklylyga we ynanyşmaga esaslanýan görnüşini saklamagy başardylar.
Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde
durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen
bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan
hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen
baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Şunuň bilen
baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň
arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli
gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň
zerurdygyny nygtadylar.