Düýn – 26-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.
Nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Çykyşyň dowamynda şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine gysgaça seljerme berildi we GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işleriň ýakyn geljek üçin esasy ugurlary kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, ähli göz öňünde tutulan çäreler üstünlikli ýerine ýetirildi, gazanylan ylalaşyklar bolsa dostlukly ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara bähbitli täze ykdysady, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.