Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz
adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de
ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden
peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk,
jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna
bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.