Düýn –18-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi we duşuşykda döwletara
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim
Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşykda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy pikire görä, agzalan ulgamda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek hem-de iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça özara pikir alyşmalaryň peýdaly boljakdygyna ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we türkmen tarapynyň netijeli teklipdir başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.