7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz hem-de dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili giň gerimli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereketleriň oňyn tejribesine eýedirler hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler.