23-nji ýanwarda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onda pudagyň
işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak
baradaky meseleler hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda
öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş
maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow pudakda
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri babatda elektroenergetika pudagyny
ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat
berdi.
Soňra
energetika ministri M.Artykow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP)
elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi barada
hasabat berdi.
Milli Liderimiz M.Artykowyň ýurdumyzyň energetika pudagyny
ösdürmekde örän köp işleri edendigini, hususan-da, onuň Owganystanda iri
taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşandygyny, bu ugurda ägirt uly
tejribe toplandygyny belläp, oňa ýene-de bir jogapkärli wezipäni ynanmak barada
karara gelendigini aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz M.Artykowy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça
halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesine
belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.