Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň
üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji
mejlisine (COP 28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini, şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini nygtady.
«Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «COP-28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.