Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Miloş Zemana Çehiýa
Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň
gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Miloş Zemana tüýs ýürekden berk jan
saglyk, abadançylyk, Çehiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk,
mundan beýläk-de gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.