8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän «Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady» atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.
Duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz BSGG-niň ýokary wezipeli wekiline giň gerimli milli taslamalary we maksatnamalary, şol sanda howply ýokançly keselleriň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge gurama tarapyndan berilýän goldaw üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýuge ýurdumyzyň ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, bularyň ählisiniň hormatly Prezidentiň amala aşyrýan, halk, onuň bagtyýar, sagdyn we abadan durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Şol üstünlikler bolsa adamyň ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagynda, keselleriň azalmagynda öz beýanyny tapdy.