20-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine
ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we
Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalar, şol
sanda «Halkara parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe goldaw bermekde we
berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», «BMG-niň Merkezi Aziýa
üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar
biragyzdan goldanyldy. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji
sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 2023-nji
ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek
baradaky Kararnama kabul edildi. BMG-ä agza ýurtlaryň 68-si bu Kararnamanyň
awtordaşy bolup çykyş etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan we BMG giň ugurlar boýunça,
şol sanda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika
we ulag, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ykdysady, durmuş,
ynsanperwer, ekologiýa meseleleri ýaly wajyp ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk
edýärler.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň işi söhbetdeşligiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan
aýratyn mesele boldy.
Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini we başlangyçlaryny, hususan-da,
sebitiň döwletleri bilen goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady
we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde tagallalaryny doly goldaýar
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de merkeziň
işiniň mundan beýläk-de uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.