Şu gün paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly
halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady
Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan,
halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de
degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk boýunça döwlet düzümleriniň we
kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara
guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Söwda-senagat edarasynyň öňünde baýramçylyk
öwüşgininde bezelen meýdançada döredijilik toparlarynyň çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy. Dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata
gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda alnyp
barylýan giň gerimli işler barha rowaçlanýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu
ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.
BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy,
daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk
pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar. Syýahatçylyk sergisiniň we
maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň binýadynyň has-da
berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.