Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz
buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly
Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy.
Asylly däbe görä, 12-nji dekabrda esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak
dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
gatnaşdy.
Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp
künjekleriň birinde ýerleşýän beýik binanyň ýanynda aşgabatlylar we
paýtagtymyzyň myhmanlary, şol sanda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly
halkara maslahata, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň her ýylda
geçirilýän dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň
wekiliýetleriniň köp sanly agzalary ýygnandylar.
Şeýle hem bu ýerde geçirilen dabara Milli Geňeşiň
Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir
pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň
daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň
Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular,
jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
gatnaşdylar.