9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy
tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar
bilen gelen wekiliýeti kabul etdi.
Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berýän uly ünsi üçin
hoşallyk bildirip, BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak
möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmagy we täze geljegi uly taslamalara
gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar. Wekiliýetiň agzalary
ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp,
Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz BAE-däki hyzmatdaşlaryň
gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk
tekliplerine türkmen tarapynyň seretmäge taýýardygyny tassyklap, döwletara
gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.