13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki döwürde türkmen-ýapon dostlukly aragatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini, özara düşünişmek, ynanyşmak hem-de birek-birege goldaw bermek gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtap, olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň «Sumitomo Сorporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi. Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi bermek bilen, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.