15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Saud Arabystanynyň Patyşasynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Saud Arabystanynyň Patyşasynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
02.08.2020 84 Habarlar

1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç hem-de biynjalyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

«Siziň gujur-gaýratyňyzyň we berk erkiňiziň ýakyn wagtda hassalygy ýeňip, doly sagalmagyňyza ýardam etjekdigine ynanýaryn»- diýip, milli Liderimiz nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolan ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy bilen birek-biregi mähirli gutladylar. Bu baýramçylygyň täze döredijilikli maksatlara ýetmäge, beýik işleri amal etmäge ruhlandyrýandygyny, halklary jebisleşdirýändigini bellemek bilen, söhbetdeşler Gurban baýramynyň geljekde hem ähli musulman ymmatyna özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.