19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin
bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda adamzadyň
faşizmden azat bolmagynyň hatyrasyna doganlyk halklaryň görkezen mizemez
bitewüligini, edermenligini we deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny alamatlandyrýan
şanly sene bolan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň şu ýyl
giňden bellenilýändigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini 24-nji iýunda Moskwada umumy Ýeňşiň
hormatyna guraljak dabaralar bilen gutlady hem-de ýubileý çäreleriniň ählisiniň
üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek dabaraly
harby ýörişe ýurdumyzyň harby gullukçylary gatnaşarlar. Goranmak ministri,
general-maýor B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Moskwada geçiriljek baýramçylyk
dabaralaryna gatnaşjak wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli
Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp bilmeýändigini aýtdy.
Munuň özi milli Liderimiziň 29-njy iýunda 63 ýaşynyň dolmagy, ýagny Muhammet
pygamberiň ýaşyna ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. Milli däplere laýyklykda, bu
sene maşgalaň, dogan-garyndaşlaryň we ýakynlaryň hem-de tutuş halk bilen
bilelikde bellenilýär.
Häzirki döwürde koronawirus
ýokanjynyň dowam edýändigini nazara alyp, oňa garşy täze karantin çäreleri ýola
goýuldy. Onuň düzgünine laýyklykda, daşary ýurtlardan sapardan gelen her bir
adam iki hepdeläp karantin ýagdaýynda bolmaly. Bu bolsa daşary ýurtlara sapara
gitmegiň mümkin däldigini alamatlandyrýar.