7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon
arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz
parlamentara gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda
kesgitlenendigini nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Moskwa
we Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu ýylyň ýanwarynda Aşgabada amala
aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň
daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça durmuşa geçirilýän netijeli
hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýakynlaşyp gelýän Ýeňiş güni bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.
Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany türkmen kärdeşini Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz çakylyk üçin dostlukly döwletiň Liderine minnetdarlyk bildirdi.