19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al
Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany
döwlet Baştutanymyz garşylady.
Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň ägirt uly
mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini nazara almak bilen, dostlukly ýurduň
ýokary wezipeli wekiliniň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary
ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň arasynda ýokary
derejedäki gepleşikleriň yzygiderli geçirilmegi taraplaryň özara bähbitli
hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar. Syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly
halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça türkmen-emirlikler
hyzmatdaşlygynyň özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda ösdürilýändigi
bellenildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed
Al Nahaýýan BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap,
mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.